Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 8 million 27 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.
Daşary ýurt walýutasyna Türkiýäniň, Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny we suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.
Bulardan başga-da, Ukraina, Gazagystan we Türkiýe döwletleriniň wekillerine daşary ýurt puluna nah mata, ýüplük , tekiz boýalan we tüýjümek žakkard önümler ýerlenildi.
Russiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň we Gazagystanyň işewürleri bahasy 20 million 774 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin polimer külkesi, polipropilen we gaplamak üçin ulanylýan plýonkany satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 12 million 178 müň manatlykdan gowrak boldy.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 29-sy hasaba alyndy.