Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň täze saýlanan Prezidentini gutlady

BUSINESS TURKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň täze saýlanan Prezidentini gutlady
Eýran Yslam Respublikasynyň taze saýlanan Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Seýed Ebrahim Raise Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlaglaryny ýollady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugatynyň duşenbe güni habar  berdi.

“Türkmenistan bilen goňşy Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda uzak ýyllaryň dowamynda emele gelen ýakyn gatnaşyklar özüniň köpugurlylygy bilen tapawutlanýar. Biz dost-doganlygyň we özara hormat goýmagyň baý tejribesine esaslanýan bu gatnaşyklarymyzyň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk ynanýarys” diýip, milli Liderimiz gutlagynda belleýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raise berk jan saglyk, Eýranyň doganlyk halkynyň öňe gitmegine hem-de gülläp ösmegine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda we işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Eýranyň IRNA habar agentliginiň maglumatyna görä, Eýranda anna güni geçirilen 13-nji Prezident saýlawlarynda Eýranyň kazyýet häkimliginiň başlygy Seýed Ebrahim Raisi sesleriň 62%-den gowragyny gazanyp, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlandy. Ol Prezidentlik wezipesine saýlanan gününden 45 günden soňra girişer.

Şeýle hem, Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Antoniu Guterrişe onuň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary wezipesine gaýtadan saýlanmagy mynasybetli gutlaglaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz Gutlag hatynda Türkmenistanyň halkynyň we hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan BMG-niň Baş sekretaryna üstünlikleri arzuw etdi.

2022