Teri Hakala ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili wezipesine bellendi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Teri Hakala ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili wezipesine bellendi
Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça täze bellenen Ýörite wekili Terhi Hakala (Surat: Finlýandiýanyň DIM-i)

Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Geňeşi Finlýandiýaly diplomat Teri Hakalany Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili wezipesine belledi. Ol täze wezipesine 2021-nji ýylyň 1-nji iýulyndan girişer.

Teri Hakala ÝB-niň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili Žozep Borella ÝB-niň daşary we howpsuzlyk syýasatyny durmuşa geçirmekdäki işine goldaw berer diýlip, Finlýandiýanyň Daşary işler ministrliginiň duşenbe güni ýaýradylan metbugat beýanatynda bellenilýär.

Beýanata görä, Hakalanyň täze wezipesi ÝB-niň merkezi aziýa sebitindäki ýurtlar –Türkmenistan, Gyrgyzystan, Gazagystan, Özbegistan we Täjigistan bilen dowamly hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyna ýardam bermekden ybarat bolar. Bu hyzmatdaşlyk howpsuzlyk, kanunyň hökmürowanlygy, daşky gurşaw, suw hojalygy, howanyň üýtgemegi, bilim we adam hukuklary ýaly köp ugurlary öz içine alýar.

Beýanatda bellenilişi ýaly, ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça täze Strategiýasyna laýyklykda, işewürlik gurşawyny ösdürmek we maýa goýumlaryny çekmegi höweslendirmek, şeýle hem durnukly aragatnaşygy giňeltmek möhümdir. Goňşy Owganystandaky ýagdaýlar sebäpli Merkezi Aziýa üçin Strategiýasynyň ähmiýeti hem artýar.

Teri Hakala häzirki wagtda Finlýandiýanyň Daşary işler ministrliginiň Syýasy bölüminde Gibrid howplar boýunça ilçi wezipesinde işleýär. Şeýle hem ol öň Finlýandiýanyň Ženewadaky hemişelik wekilhanasynyň başlygy, Finlýandiýanyň Hindistandaky ilçisi, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) Gruziýadaky wekilhanasynyň başlygy ýaly dürli diplomatik wezipelerde işledi.

2022