Türkmen we amerikan diplomatlary Owganystandaky ýagdaýlara garadylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen we amerikan diplomatlary Owganystandaky ýagdaýlara garadylar
Gepleşigiň dowamynda iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady we maýa goýum gatnaşyklaryny ilerletmäge aýratyn üns berildi.

​Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Merkezi Aziýa, jemgyýetçilik diplomatiýasy we metbugat işleri boýunça orunbasary Jonatan Hennigiň arasynda çarşenbe güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gepleşik geçirildi. Gepleşigiň barşynda taraplar sebit howpsuzlygy we Owganystandaky ýagdaýlar bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň DIM-niň habar berşi ýaly, diplomatlar “Merkezi Aziýa + ABŞ” we “Türkmenistan - ABŞ - Owganystan” ýaly köptaraplaýyn görnüşli özara hereketleriň netijeliligini nygtadylar. Serhetara jenaýat bilen bir hatarda, döräp biljek howplara we wehimlere garşy göreşmegiň usullaryny güýçlendirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatyň dowamynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taraplaryň özara ygrarlydygy tassyklanyldy.

Şeýle hem, taraplar daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek babatdaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berdiler. Türkmen tarapy 2021-nji ýylyň noýabrynda Glazgo şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän BMG-niň Howanyň üýtgemegi barada Çarçuwaly konwensiýasynyň (COP-26) 26-njy mejlisine işjeň gatnaşmagy maksat edinýär.

Mundan başga-da, gepleşigiň dowamynda Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky söwda-ykdysady we maýa goýum gatnaşyklaryny ilerletmäge aýratyn üns berilýändigi aýdylyp geçildi. Türkmen tarapynyň Türkmenistanda ylmy we innowasion önümçiligi ösdürmek boýunça amerikan maýa goýumlaryny we tehnologiýalaryny çekmäge gyzyklanma bildirýändigi nygtaldy.

Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky diplomatiki gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýuldy. Iki ýurduň arasyndaky täjirçilik we söwda gatnaşyklaryna goldaw bermek maksady bilen, ABŞ-da “Türkmenistan – ABŞ” Işewürler Geňeşi hem hereket edýär. 2008-nji ýyldan döredilen bu geňeşiň düzümine “John Deere”, “Boeing”, “Oxbow”, “Caterpillar” we “General Electric” ýaly iri amerikan kompaniýalarynyň birnäçesi girýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022