Gyrgyzystanyň Prezidenti Türkmenistana iş saparyny amala aşyrar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gyrgyzystanyň Prezidenti Türkmenistana iş saparyny amala aşyrar
Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Japarow (Surat: Gyrgyzystan Respublikasynyň Prezidentiniň resmi internet sahypasy)

Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow 27-28-nji iýunda Türkmenistana resmi iş saparyny amala aşyrar. Bu barada Gyrgyzystanyň Prezidentiniň metbugat gullugy penşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, iş saparynyň çäginde Sadyr Žaparow bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda dar we giňişleýin düzümlerde ikitaraplaýyn gepleşikler geçiriler.

Şeýle-de iki ýurduň ýolbaşçylarynyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny, sebit we halkara guramalarynyň çäginde özara gatnaşyklaryň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşjakdygy habarda bellenilýär.

Soňra Gyrgyzystanyň Prezidenti Täjigistana resmi iş saparyny amala aşyrar. 28-29-njy iýunda meýilleşdirilýän saparyň dowamynda Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen dürli ugurlarda ikitaraplaýyn gepleşikleriň geçirilmegine garaşylýar.

Gyrgyzystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy Ulugbek Maripow gyrgyz parlamentiniň geçen penşenbe güni geçiren duşuşygynda Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň Türkmenistana amala aşyrjak iş saparynyň dowamynda türkmen tebigy gazyny import etmek meselesini ara alyp maslahatlaşmagy göz öňünde tutýandygyny nygtady.

2022