Türkmenistanyň biržasynda $30 milliondan gowrak söwda boldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň biržasynda $30 milliondan gowrak söwda boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 30 million 302 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Singapuryň, Owganystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, uçar kerosini we nebit koksuny satyn aldylar. Owganystanyň telekeçileri “Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanalarynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, Omanyň telekeçileri bolsa “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanalarynda öndürilen ownuk däneli hlorly kalini satyn aldylar.

Bulardan başga-da, Azerbaýjan, Gazagystan döwletleriniň wekillerine daşary ýurt puluna tekiz boýalan we tüýjümek žakkard önümler ýerlenildi.

Russiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň we Türkiýäniň işewürleri bahasy 94 million 499 müň manatlyk nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gyzdyrylan nebit koksuny satyn aldylar. Geleşigiň umumy bahasy 1 million 250 müň manada deň boldy.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022