Türkmenistan COVID-19 ýokanjyna garşy “Sinopharm” öňüni alyş sanjymynyň 1 million 500 müň dozasyny satyn alar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýekşenbe güni Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň ýolbaşçylary bilen geçiren iş maslahatynda degişli Karara gol çekdi.
Bu resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine Hytaýyň “Sinopharm” kompaniýasynyň “China National Biotec Group Company Limited” golçur kompaniýasy bilen COVID-19 ýokanjyna garşy öňüni alyş sanjymlaryny satyn almak boýunça şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Türkmen Lideri resminama gol çekip, döwletimiz tarapyndan ilatyň saglygyny goramak üçin ähli zerur serişdeleriň gönükdirjekdigini aýtdy.
Maslahatyň dowamynda ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça goşmaça çäreler we Awaza milli syýahatçylyk zolagynda ýurdumyzyň raýatlarynyň dynç almagy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
“Sinopharm” Hytaýda COVID-19 ýokanjyna garşy hasaba alnan ilkinji sanjymdyr.