ÝTÖB-niň Gyrgyzystan, Täjigistan we Türkmenistan boýunça täze sebit müdiri bellendi

BIZNES TÜRKMENISTAN
ÝTÖB-niň Gyrgyzystan, Täjigistan we Türkmenistan boýunça täze sebit müdiri bellendi
ÝTÖB-niň Gyrgyzystan, Täjigistan we Türkmenistan boýunça täze sebit müdiri Aýten Rustamowa

Aýten Rustamowa Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň (ÝTÖB) Gyrgyzystan, Täjigistan we Türkmenistan boýunça sebit müdiri wezipesine bellendi. Bu barada ÝTÖB-niň duşenbe güni ýaýradan metbugat beýanatynda aýdyldy. Ol öz wezipesine 2021-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda girişer.

Metbugat beýanatynda bellenilişi ýaly, ÝTÖB-niň Gyrgyzystan, Täjigistan we Türkmenistan boýunça sebit müdiri wezipesini häzirki wagtda ýerine ýetirýän Nil Makkeýniň wezipe borçlary Aýten Rustamowa ynanylar. Nil Makkeýn bolsa ÝTÖB-niň Londondaky baş edarasyna gaýdyp barar. ÝTÖB-niň sebit bölümi Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde ýerleşer.

Soňky 4 ýylyny Merkezi Aziýada geçiren Aýten Rustamowa bankyň metbugat beýanatynda bu sebitde işini dowam etdirmäge şatdygyny aýtdy. Şeýle hem ol sebitdäki ýurtlaryň ykdysadyýetini has-da durnuklylaşdyrmaga ýardam berjek daşky gurşawy goramak, inklýuziw, sanly we durmuş şertlerini özgerdýän taslamalary öňe sürmek maksady bilen ähli hyzmatdaş ýurtlar bilen ýakyndan işleşjekdigini belledi.

Aýten Rustamowa ÝTÖB-däki ilkinji wezipesine 2001-nji ýylda başlady. 2017-nji ýylda ÝTÖB-niň Täjigistandaky sebit müdiri wezipesine bellenilmezden öň, bankyň Baku şahamçasynda bank ulgamy bilen baglanyşykly dürli wezipelerde işledi.

2022