Aýten Rustamowa Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň (ÝTÖB) Gyrgyzystan, Täjigistan we Türkmenistan boýunça sebit müdiri wezipesine bellendi. Bu barada ÝTÖB-niň duşenbe güni ýaýradan metbugat beýanatynda aýdyldy. Ol öz wezipesine 2021-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda girişer.
Metbugat beýanatynda bellenilişi ýaly, ÝTÖB-niň Gyrgyzystan, Täjigistan we Türkmenistan boýunça sebit müdiri wezipesini häzirki wagtda ýerine ýetirýän Nil Makkeýniň wezipe borçlary Aýten Rustamowa ynanylar. Nil Makkeýn bolsa ÝTÖB-niň Londondaky baş edarasyna gaýdyp barar. ÝTÖB-niň sebit bölümi Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde ýerleşer.
Soňky 4 ýylyny Merkezi Aziýada geçiren Aýten Rustamowa bankyň metbugat beýanatynda bu sebitde işini dowam etdirmäge şatdygyny aýtdy. Şeýle hem ol sebitdäki ýurtlaryň ykdysadyýetini has-da durnuklylaşdyrmaga ýardam berjek daşky gurşawy goramak, inklýuziw, sanly we durmuş şertlerini özgerdýän taslamalary öňe sürmek maksady bilen ähli hyzmatdaş ýurtlar bilen ýakyndan işleşjekdigini belledi.
Aýten Rustamowa ÝTÖB-däki ilkinji wezipesine 2001-nji ýylda başlady. 2017-nji ýylda ÝTÖB-niň Täjigistandaky sebit müdiri wezipesine bellenilmezden öň, bankyň Baku şahamçasynda bank ulgamy bilen baglanyşykly dürli wezipelerde işledi.