YHG-niň Aşgabatdaky Sammitine görülýän taýýarlyklar maslahatlaşyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
YHG-niň Aşgabatdaky Sammitine görülýän taýýarlyklar maslahatlaşyldy
Bu çäre Türkmenistanyň YHG bilen özara hereketleriniň ileri tutulýan ugurlarynyň ara alnyp maslahatlaşylmagyna gönükdirildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda çarşenbe güni ýurduň ugurdaş ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň hem-de Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Baş sekretary Hadi Suleýmanpuryň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň gatnaşmagynda tegelek stoluň başynda duşuşyk geçirildi. Gepleşigiň barşynda Aşgabatda YHG-nyň 15-nji Sammitiniň geçirilmegine görülýän taýýarlyklaryň depgini boýunça pikir alyşyldy.

Türkmenistanyň DIM-niň habar berşi ýaly, bu çäre Türkmenistanyň YHG bilen özara hereketleriniň ileri tutulýan ugurlarynyň ara alnyp maslahatlaşylmagyna gönükdirildi.

Taraplar Türkmenistanyň 2021-nji ýylda Guramada başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny hemmetaraplaýyn durmuşa geçirmek maksady bilen, YHG-niň platformasynda ähmiýetli çäreleriň geçirilmegi bilen bagly meseleleriň giň toplumyny maslahatlaşdylar.

Şu nukdaýnazardan, 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji Sammitiniň geçirilmegine görülýän taýýarlyklar, Forumyň guramaçylyk we protokol meseleleri, şol sanda Gün tertibiniň, Maksatnamasynyň hem-de Jemleýji resminamasynyň taslamalarynyň taýýarlygy boýunça pikir alyşyldy.

Şeýle-de şu ýylyň iýul aýynda Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde Sebitleýin Meýilnamalaşdyryş geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirmek bilen bagly meselelere hem seredip geçildi.

2021-nji ýylyň 28-30-njy iýuny aralygynda YHG-niň Baş sekretary Hadi Suleýmanpur Aşgabada eden resmi iş saparynyň çäginde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi.

Mundan başga-da, doktor Hadi Suleýmanpur Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň çäginde Türkmenistanyň YHG-nyň Söwda hyzmatdaşlygy boýunça Çarçuwaly ylalaşygyna goşulmagy boýunça resminama seredildi. Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Orazmyrat Gurbannazarow degişli resminama gol çekdi.

2022