Sadyr Žaparow Gurbanguly Berdimuhamedowy Bişkek şäherine çagyrdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Sadyr Žaparow Gurbanguly Berdimuhamedowy Bişkek şäherine çagyrdy
Gyrgyzystan Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow (Surat: Gyrgyzystan Respublikasynyň Prezidentiniň resmi internet sahypasy)

Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow Aşgabada resmi iş saparyndan soňra Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa minnetdarlyk hatyny iberdi we jogap sapary bilen Gyrgyzystana gelmäge çagyrdy.

Gyrgyzystanyň Prezidentiniň resmi saýtynda penşenbe güni habar berlişi ýaly, döwlet Baştutany Türkmenistana resmi iş saparynyň ýokary derejede guralandygy we Gyrgyzystanyň wekiliýetini mähirli kabul edendigi üçin türkmen kärdeşine minnetdarlyk bildirdi.

“Saparyň çäginde guralan ähli çäreler, esasan hem Siziň bilen konstruktiw we özara ynanyşmak ýagdaýynda geçen ikitaraplaýyn duşuşyklar gyrgyz-türkmen doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda ýene bir taryhy tapgyra öwrüldi. Bu gepleşikleriň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň käbiriniň eýýäm durmuşa geçirilip başlandygyna men örän şat” diýlip, Prezident Sadyr Žaparowyň minnetdarlyk hatynda aýdylýar.

Gyrgyz Prezidenti Gyrgyzystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryň we strategiki hyzmatdaşlygyň iki halkyň bähbidine mundan beýläk hem giňeljekdigine we çuňlaşjakdygyna ynam bildirdi.

Sadyr Žaparow Türkmenistanyň Prezidentini Gyrgyzystana jogap saparyny amala aşyrmaga çagyryp, türkmen Liderine berk jan saglyk we jogapkärçilikli döwlet işlerinde üstünlik, doganlyk türkmen halkyna parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdi.

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow 2021-nji ýylyň 27-28-nji iýuny aralygynda resmi iş sapary bilen Aşgabatda boldy.