Özbegistan $166 milliondan gowrak türkmen önümlerini import etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Özbegistan $166 milliondan gowrak türkmen önümlerini import etdi
Şu ýylyň ýanwar-maý aýlarynda Özbegistanyň daşary söwda dolanyşygy 14 milliard 600 million ABŞ dollaryna barabar boldy.

Özbegistan 2021-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynda Türkmenistandan umumy bahasy 166 million 700 müň ABŞ dollary möçberinde önüm import etdi. Bu barada Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti sişenbe güni habar berdi.

Özbegistanyň statistika baradaky döwlet komiteti Özbegistana bäş aýyň dowamynda esasy eksport eden ýurtlaryň Hytaý (1 milliard 840 million ABŞ dollaryndan gowrak), Russiýa (1 milliard 740 million ABŞ dollaryndan gowrak), Gazagystan (1 milliard 90 million ABŞ dollary), Günorta Koreýa (685 million 700 müň ABŞ dollary), Türkiýe (600 million 700 müň ABŞ dollary), Germaniýa (257 million ABŞ dollary), Hindistan (192 million ABŞ dollary), Türkmenistan (166 million 700 müň ABŞ dollary), Ukraina (162 million 200 müň ABŞ dollary) we Litwa (159 million 100 müň ABŞ dollary) bolandygyny aýtdy.

Şol döwürde özbek önümlerini esasy import eden ýurtlar Hytaý (835 million 400 müň ABŞ dollary), Türkiýe (694 million 100 müň ABŞ dollary), Russiýa (658 million 600 müň ABŞ dollary), Gazagystan (442 million ABŞ dollary), Owganystan (296 million 300 müň ABŞ dollary), Gyrgyzystan (273 million ABŞ dollary), Täjigistan (153 million 800 müň ABŞ dollary), Kanada (84 million 800 müň ABŞ dollary), Eýran (81 million 600 müň ABŞ dollary) we Ukraina (68 million 700 müň ABŞ dollary).

2021-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynda Özbegistanyň daşary söwda dolanyşygy 14 milliard 600 million ABŞ dollaryna barabar boldy. Şol döwürde ýurduň importy 8 milliard 800 müň ABŞ dollaryna, eksporty bolsa 5 milliard 700 million ABŞ dollaryna deň boldy.

2022