TNGIZT-de 74 müň tonnadan gowrak suwuklandyrylan gaz öndürildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
TNGIZT-de 74 müň tonnadan gowrak suwuklandyrylan gaz öndürildi
TNGIZT göz öňünde tutulan meýilnamadan 8 müň 585 tonna köp suwuklandyrylan gaz öndürdi.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda (TNGIZT) 2021-nji ýylyň başyndan bäri 74 müň 383 tonna ýokary hilli suwuklandyrylan gaz öndürildi.

Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň elektron gazetiniň sişenbe güni habar berşi ýaly, bu görkeziji göz öňünde tutulan meýilnamadan 8 müň 585 tonna köpdür.

Häzirki wagtda TNGIZT-niň çäklerinde çig malyň gaýtadan işlenişini çuňlaşdyrmak we goşmaça gymmaty bolan eksport önümleriniň görnüşini giňeltmek üçin dürli desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy Türkmenistanyň iň iri kärhanasy bolup, öz göwrümi boýunça nebiti gaýtadan işleýän öňdebaryjy konsernlerine gabat gelýär. TNGIZT-niň düzümine iki zawod, köpsanly nebit bazalary we ýangyç guýujy beketler girýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022