Azerbaýjan bir gezeklik plastmassa gap-gaçlaryny öndürmegi we satmagy gadagan etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Azerbaýjan bir gezeklik plastmassa gap-gaçlaryny öndürmegi we satmagy gadagan etdi
Bu önümleri söwda nokatlarynda satmak we jemgyýetçilik iýmit nokatlarynda ulanmak hem gadagan edildi.

Azerbaýjan telekeçilere bir gezeklik plastmassa çarşaklary, çemçeleri, pyçaklary, tabaklary we stakanlary ýaly önümleri öndürmegi we import etmegi gadagan etdi. Bu barada Azerbaýjanyň daşky gurşawy goramak baradaky Kanunyna girizilen üýtgetmä salgylanyp, Azerbaýjanyň APA agentligi habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, bu önümleri söwda nokatlarynda satmak we jemgyýetçilik iýmit nokatlarynda ulanmak hem gadagan edildi.

Kanuna laýyklykda, telekeçilere 15 mikrona çenli galyňlykdaky polietilen torbalary, şeýle hem bir gezek ulanylýan plastmassa çarşaklary, çemçeleri, pyçaklary, tabaklary we stakanlary öndürmek, import etmek, satmak ýa-da sarp edijilere bermek gadagandyr.

Kanunyň polietilen torbalar baradaky düzgünleri 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girdi, bir gezeklik plastmas gap-gaç önümleri baradaky düzgünleri 1-nji iýuldan güýje girdi.

Düzgünleri bozanlar üçin jerime 4 müň azerbaýjan manadyna (2 müň 350 ABŞ dollary) çenli ýetip biler.

2022