Italýan kompaniýalary Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Italýan kompaniýalary Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürýär
Tanyşdyryş maslahatynda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew ýolbaşçylyk etdi.

Italýan kompaniýalary üçin çarşenbe güni “Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň maýa goýum we işewürlik mümkinçilikleri” atly mowzuk boýunça tanyşdyryş maslahaty geçirildi. Maslahatyň dowamynda Italýanyň işewür toparlary iki ýurduň arasyndaky alnyp barylýan köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň has-da işjeňleşdirilmegine gyzyklanma bildirýändiklerini bellediler.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar berşi ýaly, tanyşdyryş maslahatynda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew we italýan wekiliýetine - Italýanyň Daşary işler boýunça döwlet sekretarynyň orunbasary Manlio Di Stefano ýolbaşçylyk etdiler.

Gepleşige şeýle hem Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri, Türkmenistanyň Italiýadaky adatdan daşary we doly ygtyýarly Ilçisi, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň, “Türkmengaz” we “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) hem-de “TAPI Pipline Company Limited” paýdarlar kompaniýasynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Maslahata italýan tarapyndan Italýan söwda agentliginiň Baş direktory, Italýan senagatynyň ählumumy konfederasiýasynyň halkara işleri boýunça Wise-prezidenti we Italiýanyň «SACE» döwlet eksport-karz agentliginiň Prezidenti gatnaşdylar. Şeýle-de duşuşyga Italiýanyň 120-ä golaý iri kompaniýalarynyň we maliýe institutlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Çykyşlaryň barşynda Türkmenistanyň we Italiýanyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlardaky gatnaşyklaryň ösüşiniň oňyn depgini bellenilip geçildi.

Şu nukdaýnazardan, maýa goýumlar, sanly tehnologiýalar, agrosenagat toplumy, ýeňil senagaty, ulag we logistika, saglygy goraýyş, maliýe-bank ulgamlary we beýlekiler özara hereketleriň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda öňe çykaryldy.

Italýan işewürleri özleriniň birek-birege ynanyşmak, hormat goýmak we alnyp barylýan köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň has-da işjeňleşdirilmegine gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdiler.

Şeýle hem çäräniň barşynda taraplar “SACE” döwlet eksport-karz agentligi tarapyndan Türkmenistanda işewürlik pudagynyň maliýeleşdirilmegi üçin teklip edilip bilinjek maliýe, ykdysady we tehniki gurallar dogrusynda hem jikme-jik pikir alyşdylar.

Maslahata gatnaşyjylar ýurtda öz ösüşinde ýerli çig mal çeşmelerine, kämil tehnologiýalara esaslanmak arkaly, Türkmenistanyň senagatynyň bäsdeşlige ukyplylygynyň has hem giňeldilmegine itergi berýän, iri eksporta gönükdirilen we importyň ornuny tutmagyny maksat edilip kemala getirilýän ulgamyň ähmiýetini aýratyn nygtadylar.

Bu onlaýn maslahat 2021-nji ýylyň güýzünde Italiýanyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministrliginiň howandarlygynda geçiriljek Italiýa-Türkmenistan işewürlik forumyna esasy taýýarlyk çäreleriniň biri boldy.