Hazarýaka döwletleriniň Baş prokurorlary Hazary goramak baradaky Jarnama gol çekdiler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Hazarýaka döwletleriniň Baş prokurorlary Hazary goramak baradaky Jarnama gol çekdiler
Resminama çarşenbe güni Sankt-Peterburgda geçirilen Hazarýaka döwletleriniň Baş prokurorlarynyň mejlisinde gol çekildi. (Surat: Russiýa Federasiýasynyň Baş prokuraturasynyň resmi sahypasy)

Hazarýaka döwletleriniň – Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Russiýanyň Baş prokurorlary Hazar deňzini goramak boýunça hyzmatdaşlyk baradaky Jarnama gol çekdiler. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Baş prokuraturasynyň resmi sahypasynda habar berilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, resminama çarşenbe güni rus tarapynyň çakylygy boýunça Sankt-Peterburgda geçirilen Hazarýaka döwletleriniň Baş prokurorlarynyň mejlisinde gol çekildi.

Duşuşyga Russiýa Federasiýasynyň Baş prokurory Igor Krasnow, Azerbaýjan Respublikasynyň Baş prokurory Kamran Aliýew, Eýran Yslam Respublikasynyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi Kazem Jalali, Eýran Yslam Respublikasynyň Baş prokurory Mohammad Jafar Montazeri, Gazagystan Respublikasynyň Baş prokurory Gizat Nurdauletow, Türkmenistanyň Baş prokurory Batyr Atdaýew gatnaşdylar.

Duşuşygyň netijesinde Hazarýaka döwletleriniň Baş prokurorlarynyň daşky gurşawy goramak we Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryndan peýdalanmak babatynda hyzmatdaşlygy baradaky Jarnamasyna gol çekildi.

Bu duşuşygyň we resminama gol çekilmegiň Hazarýaka döwletleriniň özara gatnaşyklaryna esas döretjekdigine we bu hyzmatdaşlygyň netijeli boljakdygyna ynanýandygyny Russiýanyň Baş prokurory belledi.

Igor Krasnow Hazar deňziniň ekologiýasyny goramak babatynda hyzmatdaşlygyň meselelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşmak üçin 2022-nji ýylyň başynda bilermenler derejesinde ýygnak geçirmegi teklip etdi. Daşary ýurtly kärdeşler bu teklibi biragyzdan goldadylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022