Eýran nebithimiýa kuwwatyny ýylda 100 million tonna çenli artdyrar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Eýran nebithimiýa kuwwatyny ýylda 100 million tonna çenli artdyrar
Häzirki wagtda Eýranyň nebithimiýa kuwwaty ýylda 90 million nebithimiýa önümlerini öndürmäge ukyplydyr.

Eýranyň milli nebithimiýa kompaniýasy (NPC) 2022-nji ýylyň martyna çenli 11 sany nebithimiýa zawodyny işe girizip, ýurduň nebithimiýa önümçiligini ýylda 100 million tonna çenli artdyrar. Bu barada NPC-niň taslamalar we meýilnamalaşdyryş bölüminiň başlygy Amir Wakilzadehiň beren maglumatlaryna salgylanyp, Eýranyň “Press TV” teleýaýlymy duşenbe güni habar berdi.

Kompaniýanyň ýokary derejeli resmisi häzirki wagtda Eýranyň nebithimiýa kuwwatynyň ýylda 90 million nebithimiýa önümlerini öndürmäge ukyplydygyny aýtdy.

Wakilzadeh meýilleşdirilýän 11 taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň Eýranyň nebithimiýa pudagynyň ýyllyk girdejisini takmynan 4 milliard ABŞ dollary möçberinde artdyrjakdygyny belledi.

Habarda bellenilişi ýaly, Eýran häzirki wagtda öz nebithimiýa önümlerini içerki we daşarky bazarlara ýerlemek bilen ýylda 17 milliard ABŞ dollarlyk girdeji alýar.

NPC Eýranyň Nebit ministrliginiň golçur kärhanasy bolup, ol ýurduň nebithimiýa pudagynyň ösüşine we talabalaýyk işlemegine gözegçilik edýär.

2022