Hytaýyň Daşary işler ministri Türkmenistana iş saparyny amala aşyrar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Hytaýyň Daşary işler ministri Türkmenistana iş saparyny amala aşyrar
Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wang Ýi (Surat: Reuters)

Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet geňeşçisi we Daşary işler ministri Wang Ýi indiki hepde Türkmenistana resmi iş saparyny amala aşyrar. Bu barada ýurduň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Wang Wenbine salgylanyp, Hytaýyň CGTN döwlet teleýaýlymy anna güni habar berdi.

Wang Wenbiniň aýtmagyna görä, ministr Wang Yi şu ýylyň 12-16-njy iýuly aralygynda Türkmenistanda, Täjigistanda we Özbegistanda saparda bolar.

Wang Ýi şu ýylyň maý aýynda Siýanda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Türkmenistanyň wise-premýeri Serdar Berdimuhamedow bilen geçen duşuşykda Hytaýyň Türkmenistan bilen tebigy gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny aýtdy.

Türkmenistan A, B we C geçirijilerinden ybarat bolan Merkezi Aziýa-Hytaý gaz geçirijisi arkaly Hytaýa tebigy gaz eksport edýär. Häzirki wagtda D geçirijisiniň gurluşygy dowam edýär. Geçen ýyl Hytaý bu gaz geçirijisi arkaly 39 milliard kub metrden gowrak tebigy gaz import etdi.

2009-njy ýylda gaz geçiriji ulanyşa girizilenden bäri Hytaý Türkmenistandan 300 milliard kub metrden gowrak tebigy gazy satyn aldy we häzirki wagtda türkmen tebigy gazynyň iri import edijisi bolmagynda galýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022