“Türkmenbaşy” banky açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwrülýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmenbaşy” banky açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwrülýär
“Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň dolandyryş edarasy, Aşgabat, Türkmenistan

“Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň guramaçylyk-hukuk görnüşi üýtgedilip, ol açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwrülýär. Şeýle-de ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesi hojalyk hasaplaşygyna geçirilýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen giňişleýin mejlisiniň dowamynda wise-premýer Gadyrgeldi Müşşikow Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesini hojalyk hasaplaşygyna geçirmek hem-de “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň guramaçylyk-hukuk gurluşyny üýtgetmek barada ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi we milli Liderimiziň garamagyna degişli Kararlaryň taslamalaryny hödürledi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, berlen tabşyryklara laýyklykda, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesini hojalyk hasaplaşygyna geçirmek we “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň guramaçylyk-hukuk gurluşyny üýtgetmek hakyndaky teklipleri makullady we degişli resminamalara gol çekdi.

“Türkmenbaşy” paýdarlar täjirçilik bankyny esaslandyryjylar hökmünde Maliýe we ykdysadyýet ministrligine – esaslyk maýadaky paýy 99% hem-de Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna – esaslyk maýadaky paýy 1% möçberde paýly gatnaşmaga ygtyýar berildi.

Mundan başga-da, milli Liderimiz tölegli esasda bilim berýän ýokary okuw mekdepleriniň maliýe-ykdysady ýagdaýyny has-da gowulandyrmak maksady bilen Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2021-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan başlap, Bilim ministrliginiň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetini, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetini, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutyny, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyny, Türkmen döwlet maliýe institutyny, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyny hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetini hojalyk hasaplaşygyna geçirmek bellenildi.

2022