Daşary ýurt walýutasynyň gelip gowuşmagynyň wajypdygy nygtaldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Daşary ýurt walýutasynyň gelip gowuşmagynyň wajypdygy nygtaldy
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň eksport mümkinçiligini ýokarlandyrmagyň, walýuta serişdeleriniň gelip gowuşmagyny üpjün etmegiň ähli ýolbaşçylar üçin ileri tutulýan ugurlar bolmagynda galýandygyny belledi.  

Şeýle-de ýurdumyzyň ykdysady we maliýe durnuklylygyny üpjün etmek, ilatyň iş bilen üpjünçilik derejesini ýokarlandyrmak, göni daşary ýurt maýa goýumlarynyň möçberini artdyrmak, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak möhüm ugurlaryň hatarynda görkezildi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynda habar berlişi ýaly, Hormatly Prezidentimiz “Türkmengaz” döwlet konserniniň, “Türkmenhowaýollary” agentliginiň we Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň işine nägilelik bildirdi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bu edaralaryň hasabyna gelip gowuşýan walýuta serişdeleriniň möçberi azaldy diýip, milli Liderimiz aýtdy we wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, daşary ýurt pulunda serişdeleriň gelip gowuşmagyna gözegçiligi gowşadandygy üçin maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarowa, döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Batyr Amanowa, Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş direktory Guwanç Nurmuhammedowa, “Türkmenhowaýollary” agentliginiň başlygy Döwran Saburowa duýduryş yglan etdi.

Döwlet Baştutanymyz haýsydyr bir edara walýuta boýunça tabşyrygy ýerine ýetirmese, onuň gelip gowuşýan möçberiniň azalmagyna ýol berse, onda ýylyň jemleri boýunça eýeleýän wezipesinden boşatmaga çenli berk çäre görüljekdigini duýdurdy. Milli Liderimiz bu ugurda alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamak babatda maliýe we ykdysadyýet ministrine anyk tabşyryklar berdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022