Türkmenistanyň DIM-i: Türkmen-owgan serhedi dostluk serhedidir

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň DIM-i: Türkmen-owgan serhedi dostluk serhedidir
Türkmenistanyň Owganystan bilen serhediniň uzynlygy 800 kilometrden gowrakdyr.

Türkmenistanyň we Owganystanyň hem-de olaryň halklarynyň doganlyk gatnaşyklarynyň netijesinde türkmen-owgan serhedi dostluk hem-de hyzmatdaşlyk serhedi bolup durýandyr diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Metbugat-gullugynyň Türkmenistanyň bu serhede goşunyny çekýändigi baradaky habary inkär edip, ýekşenbe güni ýaýradan metbugat beýanatynda aýdylýar.

Türkmenistanyň DIM-niň metbugat beýanatyna görä, soňky günlerde Russiýanyň käbir köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan türkmen-owgan serhedindäki ýagdaý barada barlanylmadyk we ygtybarly bolmadyk habarlar ýaýradylýar.

“Hususan-da, RBK (РБК) teleýaýlymy tarapyndan, göýä Türkmenistanyň Owganystan bilen serhedine harby tehnikasyny we artileriýasyny çekýändigi babatyndaky hakykata laýyk gelmeýän maglumat ýaýradyldy, bu bolsa ýeňil şöhrata kowalaşylan wagtynda galp habardan başga zady aňladýan däldir” diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy belleýär.

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň berýän maglumatyna laýyklykda, onuň garamagyndaky harby bölümçeler, olaryň şahsy düzümi hem-de harby tehnikasy hemişelik hereket edýän ýerinde ýerleşen bolup, göz öňünde tutulan maksatnama laýyklykda meýilnamalaýyn okuw taýýarlygynyň ýerine ýetirilmegini dowam edýärler diýlip, beýanatda aýdylýar.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň DIM-i gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk dessurlaryna laýyklykda, şeýle-de ikitaraplaýyn ylalaşyklarynda berkidilen halkara hukugynyň we borçnamalarynyň mizemez ýörelgelerini berk berjaý etmek arkaly, Türkmenistan doganlyk Owganystan bilen parahatçylyk söýüjilik we hoşmeýilli goňşuçylyk gatnaşyklaryny saklaýandyr hem-de pugtalandyrýandyr diýip, nygataýar.

“Türkmen tarapy mediýa giňişliginde hakykata laýyklygyň we dogruçyllygyň beýan edilmegine, diňe barlanylan şeýle-de hemmetaraplaýyn ynanyp boljak maglumatlaryň ýaýradylmagyna ygrarlydyr we muňa gyşarnyksyz ygrarlylygyny saklaýandyr. Bu halkara meseleleriniň birnäçe aýratynlyklarynyň, şol sanda Owganystandaky ýagdaýlaryň parahatçylykly kadalaşdyrylmagynyň meseleleriniň derwaýys häsiýete eýe bolýan häzirki zaman şertlerde aýratyn wajyp bolup durýandyr” diýip, metbugat beýanatda bellenilýär.

Türkmenistan köp jepany başdan geçiren owgan topragynda parahatçylygyň dikeldilmeginde syýasy-diplomatik gurallarynyň we serişdeleriniň gözlenilmegi hem-de durmuşa geçirilmegi ugrunda çykyş edýändir diýip, Türkmenistanyň DIM-i belledi.

Türkmenistanyň Owganystan bilen serhediniň uzynlygy 800 kilometrden gowrak bolup, ol Eýran bilen üç nokatdan Özbegistan bilen üç nokada çenli uzaýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022