Daşary ýurt işewürleri türkmen nebithimiýa we tekstil önümlerini satyn aldylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Daşary ýurt işewürleri türkmen nebithimiýa we tekstil önümlerini satyn aldylar
Birleşen Arap Emirlikleriniň we Gyrgyzystanyň işewürler toparlarynyň wekillerine daşary ýurt puluna nah ýüplük ýerlenildi.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 3 million 898 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty ýekşenbe güni habar berdi.

Daşary ýurt walýutasyna Türkiýäniň, Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, “Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanalarynda öndürilen suwuklandyrylan gazy we polietileni satyn aldylar. Gazbeton bölekleri Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürleriniň söwdalarynyň esasyny düzdi.

Bulardan başga-da, Birleşen Arap Emirlikleriniň we Gyrgyzystanyň işewürler toparlarynyň wekillerine daşary ýurt puluna nah ýüplük ýerlenildi.

Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçileri bahasy 6 million 987 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 24-si hasaba alyndy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022