"Ajaýyp gurluşyk" Daşoguzda täze hassahanalary gurýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
"Ajaýyp gurluşyk" Daşoguzda täze hassahanalary gurýar
Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyna degişli täze desgalaryň 2021-nji ýylyň dekabrynda ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýär.

“Ajaýyp gurluşyk” hususy kärhanasynyň gurluşykçylary Daşoguz welaýatynyň dolandyryş merkezinde 450 orunlyk täze köpugurly hassahananyň we 150 orunlyk onkologiýa hassahanasynyň gurluşygyny dowam etdirýärler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.  

Habarda bellenilişi ýaly, Daşoguz şäheriniň günorta-günbatarynda, Görogly köçesiniň ugrunda gurulýan bu uly desgalar häzirki zaman şäher gurluşygynyň gazananlary we milli binagärligiň aýratynlyklary göz öňünde tutulyp bina edilýär.

Gurulýan köpugurly hassahananyň 450 hassany kabul etmäge mümkinçiligi bolup, onuň taslamasynda 8 sany aýratyn bloklar göz öňünde tutulandyr. Bu täze desga döwrebap lukmançylyk we laboratoriýa enjamlary bilen doly üpjün ediler.

“Ajaýyp gurluşyk” hususy kärhanasynyň hünärmenleri 150 orunlyk onkologiýa hassahanasynyň gurluşygyny hem alyp barýarlar. Bu desga birnäçe blok binalardan ybaratdyr.

Bu bloklarda otuz orunlyk umumy onkologiýa, kliniki-dispanser gözegçilik we radiologiýa bölümleri, gematologiýa we himiýa terapiýasy, ýatymlaýyn pallatiw terapiýa, ambulatoriýa-öňüni alyş bölümleri bilen birlikde başga-da birnäçe bölümler ýerleşer. Mundan başga-da, bu ýerde laboratoriýa we dermanhana hem göz öňünde tutulandyr.

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyna degişli täze desgalaryň 2021-nji ýylyň dekabrynda ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýär.

2022