Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşenbe güni Aşgabada iki günlük resmi iş sapary bilen gelen Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wan I duşuşdylar. Duşuşygyň dowamynda taraplar “Bir guşak – bir ýol” taslamasy boýunça bilelikde gurluşyklaryň alnyp barylmagy barada gysga wagtda gepleşikleri geçirmegi we resminamalara gol çekmegi maslahatlaşdylar. Bu barada Hytaýyň Döwlet habar beriş serişdeleri habar berýär.
Habarda bellenilişi ýaly, ýokary derejeli resmiler ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň bäş ýyllyk meýilnamasyny düzmek barada ylalaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda, Wan I Hytaýyň Türkmenistany ygtybarly strategiki hyzmatdaş hasaplaýandygyny belledi.
Ministriň aýtmagyna görä, Hytaý Türkmenistan bilen diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllyk ýubileýini Türkmenistan bilen özara syýasy ynanyşmagy çuňlaşdyrmaga, ähli taraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge, esasy halkara we sebit meseleleri boýunça tagallalaryň utgaşdyrylmagyny ýokarlandyrmaga we iki ýurduň halklaryna bähbitli boljak türkmen-hytaý strategiki hyzmatdaşlygyny täze derejelere çykarmaga mümkinçilik hökmünde garaýar.
Mundan başga-da, ol Hytaýyň Türkmenistany COVID-19 ýokanjyna garşy sanjymlary bilen üpjün etmegini we pandemiýanyň ýurda aralaşmagynyň öňüni almakdaky tagallalaryna goldawyny dowam etdirjekdigini nygtady.
Hytaýyň ýokary derejeli diplomaty iki ýurduň energetika pudagynda uzak möhletleýin strategiki hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin tebigy gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge, nebit we gazy gaýtadan işlemek we ýaşyl energiýa boýunça hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmaga çalyşmalydygyny belledi.
Raşid Meredow hem öz gezeginde şu ýyl 100 ýyllyk ýubileýini belleýän Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň ýolbaşçylygynda hytaý halkynyň gazanan üstünliklerine ýokary baha berdi.
Ministr Raşid Meredow Türkmenistany COVID-19 ýokanjyna garşy sanjymlary bilen üpjün edendigi üçin hytaý tarapyna minnetdarlyk bildirdi we iki ýurduň gaýtadan dikeldilýän energiýa, daşky gurşawy goramak, howa giňişligindäki hyzmatdaşlygy we aragatnaşyk ulgamlarynda gatnaşyklary pugtalandyrjakdygyna ynam bildirdi.
Ýokary derejeli resmiler Owganystandaky ýagdaýlar we beýleki halkara hem-de sebitara meseleler boýunça hem pikir alyşdylar.
Hytaýyň Daşary işler ministriniň Wan Iniň Türkmenistana sapary Täjigistany we Özbegistany hem öz içine alýan Merkezi Aziýa bäş günlük saparynyň bir bölegidir.