Şu ýylyň ilkinji alty aýynda Baku-Tbilisi-Kars (BTK) demir ýol ugry bilen 11 müň 84 sany ýigrimi futluk (TEU) konteýnerler daşaldy. Bu barada “ADY Container” kompaniýasynyň metbugat gullugy sişenbe güni habar berdi. “ADY Container” kompaniýasy “Azerbaýjan demir ýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň golçur kompaniýasydyr.
Habarda bellenilişi ýaly, bu görkezijiler 2020-nji ýylda daşalan konteýnerleriň umumy sanyna (11 müň 748 TEU) ýakyndyr.
Daşalan esasy harytlaryň aglaba bölegini reňkli metallurgiýa we himiýa önümleri, enjamlar, däne önümleri, dokma önümleri, haýwan iýmleri we gurluşyk materiallary eýeleýär.
Mukdary boýunça iň köp (3 müň 206 sany) TEU konteýnerleri Gazagystan – Türkiýe ugry boýunça daşaldy. Türkiýe – Gazagystan ugry boýunça 552 sany TEU konteýner ýükleri ugradyldy. Şeýle hem, Hytaýdan 2 müň 915, Türkmenistandan 912 we Özbegistandan 747 TEU konteýnerleri Türkiýä iberildi.
Baku-Tbilisi-Kars demir ýoly 2017-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda ulanylmaga berildi. Häzirki wagta çenli BTK demir ýoly arkaly 33 müň 267 sany TEU konteýnerleri daşaldy.