Merkezi Aziýa döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň çarşenbe güni Daşkent şäherinde geçirilen mejlisinde şu ýylyň awgust aýynda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna görülýän taýýarlyk işleri maslahatlaşyldy.
Mejlis türkmen tarapynyň başlangyjy esasynda geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.
Habarda bellenilişi ýaly, ýokary derejeli duşuşykda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde geçiriljek syýasy, ykdysady we ynsanperwer häsiýetli çäreler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ministrler ýakyn wagtda geçiriljek duşuşygyň gün tertibi barada hem-de onuň şertnama-kanunçylyk binýadyny, hususan-da, kabul edilmegi meýilleşdirilýän resminamalar barada pikir alyşdylar.
Şeýle hem, mejlisiň dowamynda taraplar sebit ýurtlarynyň arasynda syýasy, söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerine garadylar.
Gazagystanyň Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, Täjigistanyň Daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin hem-de Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministriniň birinji orunbasary Nuran Niýazaliýew “Merkezi we Günorta Aziýa: sebit özara baglanyşygy. Wehimler we mümkinçilikler” atly ýokary derejedäki halkara maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Özbegistanyň paýtagtyna sapar amala aşyrýarlar.