Merkezi Aziýa ýurtlary we ABŞ sebit howpsuzlygyny maslahatlaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Merkezi Aziýa ýurtlary we ABŞ sebit howpsuzlygyny maslahatlaşdylar
Gepleşikleriň netijeleri boýunça duşuşyga gatnaşyjylar Bilelikdäki beýannamany kabul etdiler. (Surat: UzDaily.uz)

Daşkentde penşenbe güni “C5+1” formatyň çäklerinde Merkezi Aziýanyň döwletleriniň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylary bilen ABŞ-nyň wekiliýetiniň arasynda gepleşikler geçirildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar sebit howpsuzlygynyň wehimlerine we howplaryna garşy göreşmek boýunça hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen diplomatik gepleşikleri dowam etmek babatda gyzyklanmalary beýan etdiler.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar berşi ýaly, ABŞ-nyň wekiliýetine ABŞ-nyň Prezidentiň Içerki howpsuzlyk meseleleri boýunça Geňeşçisi Elizabet Şerwud-Rendal ýolbaşçylyk etdi. Gepleşiklere şeýle-de ABŞ-nyň Owganystanda parahatçylygy dikeltmek meseleleri boýunça Ýörite wekili Zalmaý Halilzad hem gatnaşdy.

Duşuşyga gatnaşyjylar Owganystandaky ýagdaýyň parahatçylykly çözülmegine ýardam etjek durnukly we abadançylykly tagallalary döretmäge ygrarlydyklaryny beýan etdiler.

Şeýle-de duşuşygyň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ABŞ-nyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Howanyň üýtgemegine garşy göreşmek we ekologiýa meseleleri, sebitiň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini ösdürmek özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary hökmünde bellenildi.

Mundan başga-da, Daşkentde geçirilýän ýokary derejeli Halkara maslahatyň tematikasy bilen sazlaşykly utgaşdyrylmagy esasynda Günorta we Merkezi Aziýanyň arasynda özara baglanyşygy berkitmek boýunça işjeň pikir alşyldy.

Gepleşikleriň netijeleri boýunça duşuşyga gatnaşyjylar Bilelikdäki beýannamany kabul etdiler.

“C5+1” formaty Merkezi Aziýanyň bäş ýurdy bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklar üçin köptaraplaýyn mehanizm hökmünde hereket edýär. Bu maksatnama ykdysady ösüş, sebitleýin hyzmatdaşlyk we howpsuzlyk meselelerini üns merkezinde saklaýar. Alty ýurduň daşary işler ministrleriniň gatnaşmagyndaky ilkinji duşuşyk 2015-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçirildi.