Lebapda täze gaz turbinaly elektrik stansiýasynyň gurluşygy tamamlanýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Lebapda täze gaz turbinaly elektrik stansiýasynyň gurluşygy tamamlanýar
Häzirki wagta çenli elektrik stansiýada her biriniň kuwwaty 144 MWt bolan gaz turbinalarynyň 3-si oturdyldy. (Surat: Rönesans)

Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda kuwwatlylygy 432 MWt bolan gaz turbinaly elektrik stansiýasyny işe girizmäge taýýarlyk görülýär. Häzirki wagtda bu ýerde esasy enjamlarda işe goýberiş sazlaýyş işleri alnyp barylýar.

Bu barada wise-premýer Çarymyrat Purçekow Ministrler Kabinetiniň wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly anna güni geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Hasabata görä, häzirki wagta çenli desgada her biriniň kuwwaty 144 MWt bolan gaz turbinalarynyň 3-si oturdylyp, kömekçi binalar ulanyşa taýýar edildi. Stansiýanyň çäklerindäki açyk paýlaýjy gurluş öndüriljek elektrik energiýasyny geçirmek üçin umumy energoulgama birikdirildi.

Bu gaz turbinaly elektrik stansiýasynyň ulanyşa girizilmeginiň ýurdumyzyň energoulgamynyň bellenen kuwwatlylygyny artdyrmaga, Lebap welaýatynyň sarp edijileriniň elektrik üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga, daşary ýurtlara, şol sanda Özbegistana, Gyrgyzystana, Owganystana hem-de Eýrana iberilýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmaga ýardam etjekdigi bellenildi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen durnukly hem-de bökdençsiz üpjün etmek, onuň daşary bazarlara iberilýän möçberlerini artdyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň elektroenergetika senagatynyň kuwwatyny yzygiderli artdyrmak boýunça geçirilýän giň gerimli işleriň örän wajypdygyny nygtady.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna gabatlanyp açylmagy meýilleşdirilýän bu desganyň gurluşygyny “Sumitomo Corporation” ýapon kompaniýasy alyp barýar. Desgada Ýaponiýanyň meşhur “Mitsubishi Power Ltd.” kompaniýasynyň öndürýän gazturbina enjamlary oturdyldy.