Türkmen nah ýüplügi TDHÇMB-de satylan önümleriň esasyny düzdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen nah ýüplügi TDHÇMB-de satylan önümleriň esasyny düzdi
Daşary ýurtly telekeçiler bahasy 7 million 663 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 6 million ABŞ dollaryna golaý boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty ýekşenbe güni habar berdi.

Daşary ýurt walýutasyna Türkiýäniň hem-de Wirgin adalarynyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awiakerosini we gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar.

Bulardan başga-da, Russiýanyň, Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň işewürler toparlarynyň wekillerine daşary ýurt puluna list aýna hem-de nah ýüplük ýerlenildi.

Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň we Gazagystanyň telekeçileri bahasy 7 million 663 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin pagta süýümini satyn aldylar. Geleşigiň umumy bahasy 6 million manatdan gowrak boldy.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 23-si hasaba alyndy.

2022