Türkmenistanda her gektardan ortaça 180 sentner ýeralma hasyly ýygnaldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda her gektardan ortaça 180 sentner ýeralma hasyly ýygnaldy
Döwlet buýurmasy esasynda ýurdumyzda 13 müň 300 gektara golaý ýeralma ekildi.

Türkmenistanda iýul aýynda başlanan açyk meýdanda gök önümleriň hasyl ýygymy döwründe ýeralmanyň her gektaryndan ortaça 180 sentner hasyl alyndy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty geçen anna güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, bu görkeziji sebitdäki döwletler üçin ýokary görkeziji bolup durýar. BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) maglumatlaryna görä, Aziýa we Okeaniýa ýurtlarynda her gektardan ortaça 150 sentner töweregi ýeralma hasyly alynýar.

Döwlet buýurmasynyň meýilnamasy boýunça ýurdumyzda 13 müň 300 gektara golaý ýeralma ekildi. Ýer almanyň köp bölegi Ahal we Murgap sebitleriniň daýhanlary tarapyndan ekilýär.

Mundan başga-da, degişli döwürde her gektardan alnan sogan hasyly ortaça 250 sentnere deň boldy. Munuň üçin döwlet tarapyndan daýhanlara 6 müň gektara golaý ýer bölünip berildi.

Görkezilen statistika maglumatlary diňe döwlet buýurmasy esasynda ösdürilip ýetişdirilýän hasyly göz öňünde tutýar. Şol bir wagtyň özünde ýeralma we sogan ösdürip ýetişdirmek bilen ýurdumyzyň hususy pudagy hem meşgullanýar.

Geçen ýyl meýilleşdirilen gök-bakja önümlerinden 21 müň 250 tonna kelem, 38 müň 340 tonna käşir, şeýle hem 214 müň 700 tonna bakja önümleri ýygnaldy.