Awgust aýynda Awazada sammitleriň ikisi geçiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Awgust aýynda Awazada sammitleriň ikisi geçiriler
Milli Liderimiz şu ýylyň 6-njy awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda jemi 6 sany möhüm halkara çäreleriň geçiriljekdigini belledi.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda 2021-nji ýylyň awgustynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň 3-nji konsultatiw duşuşygy we Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şenbe güni geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde aýtdy. Mejlisiň barşynda, geçiriljek ýokary derejeli çärelere görülýän taýýarlyklar ara alnyp maslahatlaşyldy.

“Awgust aýynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy, soňra bolsa Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler. Bu çäre üçtaraplaýyn dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da ösdürmäge ýardam berer” diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Şeýle-de hormatly Prezidentimiziň bellemegine görä, ýurdumyzda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji forumyny hem-de Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň 6-njy duşuşygyny geçirmek göz öňünde tutulýar.

Milli Liderimiziň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini jemläp, şu ýylyň 6-njy awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda jemi 6 sany möhüm halkara çäreleriň geçiriljekdigini aýtdy. Olar Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyndan, sebitiň ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyndan, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halkara sergisinden, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumyndan, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň milli tagamlarynyň sergisinden, sebitiň ýurtlarynyň sungat ussatlarynyň dabaraly baýramçylyk konsertinden ybaratdyr.

Döwlet Baştutanymyz meýilleşdirilen çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça Guramaçylyk toparyny döretmek hakyndaky Karara gol çekdi we wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredowy Guramaçylyk toparynyň ýolbaşçysy hökmünde belledi.