Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni Daşoguz welaýatyna iş saparynyň dowamynda welaýat merkezi Daşoguz şäherinde gurlan “Türkmeniň ak öýi” binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Habarda bellenilişi ýaly, Döwlet Baştutanymyzyň 2018-nji ýylda gol çeken Kararyna laýyklykda, “Türkmeniň ak öýi” binasy Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy – “Röwşen” hususy kärhanasy tarapyndan guruldy.
Bu bina 3 müň adama niýetlenen sadaka jaýyny, medeni-köpçülik çärelerini guramak üçin açyk meýdançany, awtoduralgany, tehniki toplumy we beýlekileri öz içine alýan tutuş toplumdan ybaratdyr.
Umumy meýdany 21 müň inedördül metre golaý bolan «Ak öýüň» beýikligi 40, ini hem 80 metre deňdir.
Milli Liderimiz hemmeleri Gurban baýramy bilen gutlap, bu ýerde baýramçylyk sadakasyna gatnaşdy.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz iş saparynyň dowamynda şäheriň günorta-günbataryndaky Görogly köçesiniň ugrunda bina edilen ýaşaýyş jaý toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu ýerde 15 sany 4 gatly, 368 öýli täze ýaşaýyş jaýy ulanylmaga berildi. Şolardan 48 öý ýaşaýyş jaýyna mätäç adamlara niýetlenendir.
Bu ýaşaýyş jaýlary ýurdumyzyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Daşoguz şäherindäki demir-beton önümleri kärhanasynyň gurluşykçylary tarapyndan bina edildi. Şeýle hem ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna “Derkar” hojalyk jemgyýetiniň we “Merdana doganlar” hususy kärhanasynyň gurluşykçylary işjeň gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli şu ýyl Lebap we Balkan welaýatlarynyň welaýat merkezlerinde hem “Türkmeniň ak öýi” binalary ulanylmaga berildi.