Gubadag etrabynda täze çeper halyçylyk kärhanasy açyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gubadag etrabynda täze çeper halyçylyk kärhanasy açyldy
Täze çeper halyçylyk kärhanasynda halyçy gelin-gyzlaryň 150-si üçin iş oruny döredildi.

Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň dolandyryş merkezinde çeper halyçylyk kärhanasy açylyp ulanylmaga berildi. Kärhananyň gurluşygy “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň Daşoguz welaýatynyň çeper halyçylyk kärhanasynyň buýurmasy esasynda alnyp baryldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, umumy tutýan meýdany ýarym gektara barabar bolan haly kärhanasynyň gurluşyk işlerini Daşoguz şäherindäki “Demirbetonönümleri” zawody alyp bardy. Bu ýerde halyçy gelin-gyzlaryň 150-si üçin iş oruny döredildi.

Täze kärhananyň 860 inedördül metre barabar bolan eýwanynda haly dokamak üçin döwrebap tehniki enjamlar ýerleşdirilendir. Şeýle hem kärhanada edara jaýy, haly we haly önümleriniň muzeýi, taýýar önümleri saklamak üçin iki sany ammar, gulluk otagy, ussahana ýerleşýär.

Häzirki wagtda “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň düzümine çeper halyçylyk kärhanalarynyň sekiz sanysy degişli bolup, bular Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda ýerleşýän 100-den gowrak halyçylyk bölümlerini we sehleri özünde jemleýär. Bu çeper halyçylyk kärhanalarynda 5 müňden gowrak halyçy zenan zähmet çekýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022