Russiýa türkmen garpyzlary eksport edildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Russiýa türkmen garpyzlary eksport edildi
Krasnodar ülkesiniň gümrük nokatlaryndan Türkiýeden 11 müň 116 tonna we Müsürden 108,9 tonna garpyz Russiýa getirildi.

Krasnodar ülkesiniň gümrük nokatlaryndan Türkmenistanda öndürilen 23,2 tonna garpyz Russiýanyň çägine getirildi. Bu barada Russiýany “Rosselhoznadzoryň” Günorta sebitara müdirliginiň metbugat gullugy penşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, bu sebitiň gümrük nokatlaryndan Türkiýeden 11 müň 116 tonna we Müsürden 108,9 tonna garpyz Russiýa getirildi.

Şeýle-de Russiýa Krasnodar ülkesiniň üsti bilen Türkiýeden 1 müň 743 tonna we Müsürden 14 tonna gawun import edildi.

Habara görä, eksport eden döwletleriň ygtyýarly edaralary tarapyndan garpyz we gawunlara zerur fitoarassaçylyk şahadatnamalary gowşuryldy. Getirilen garpyz we gawunlar fitoarassaçylyk gözegçiliklerinden geçirilip, ýurtda satylmaga ygtyýar berildi.

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatlaryna görä, 2021-nji ýylyň birinji ýarymynda ýurdumyzyň daýhanlary geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende gök önümleri 9,5% we bakja önümleri 1,5% köp ösdürip ýetişdirdiler.

2022