2021-nji ýylyň 26-27-nji iýuly aralygynda Täjigistanyň paýtagty Duşanbe şäherinde Merkezi Aziýa döwletlerinde howanyň üýtgemegi boýunça dördünji konferensiýasy (CACCC-2021) geçiriler. Bu barada Täjigistanyň daşky gurşawy goramak komitetine salgylanyp, ýurduň “Howar” Milli agentligi ýekşenbe güni habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, CACCC-2021 sebitleýin gepleşiklere Merkezi Aziýa döwletleriniň daşky gurşawy goramak boýunça ministrlikleriniň ýolbaşçylary, döwlet edaralarynyň, hökümete degişli däl guramalaryň, ylmy barlag institutlarynyň, howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlar toparlarynyň, halkara guramalarynyň we halkara ösüş banklarynyň wekilleri gatnaşarlar.
Bu konferensiýanyň esasy maksady Merkezi Aziýa döwletleriniň global temperaturanyň ortaça 1,5°C-den ýokarlanmagynyň öňüni almakda edýän tagallalarynyň jemlenmeginden ybaratdyr.
Mundan başga-da CACCC-2021 konferensiýasynda bu ugurda alnyp barylýan işleriň maliýeleşdirilmegi hem ara alnyp maslahatlaşylar. Konferensiýada Merkezi Aziýa döwletlerinde edilýän maliýeleşdiriş işlerine syn bermekden başga-da, milli we sebit derejesinde howanyň üýtgemegini azaltmak üçin mümkin bolan maliýe çeşmeleri hödürleniler.
CACCC-2021 Täjigistan Respublikasynyň hökümetiniň goldawy bilen Tajigistanyň daşky gurşawy goramak komiteti we Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkezi (CAREC) tarapyndan gurnalýar. Bu konferensiýanyň gurnalmagy Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkeziniň açylmagynyň 20 ýyllygyna gabat gelýär.