Türkmenistanda TSTB-niň agzalaryna degişli 100-den gowrak ýyladyşhana hereket edýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda TSTB-niň agzalaryna degişli 100-den gowrak ýyladyşhana hereket edýär
Şu ýylyň martynda Türkmenistanda bir wagtyň özünde alty sany ýyladyşhana açylyp ulanylmaga berildi.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) agzalaryna degişli bolan 100-den gowrak ýyladyşhana bolup, olaryň umumy meýdany 450 gektara barabardyr.

TSTB-niň resmi saýtynda şenbe güni habar berlişi ýaly, bu ýyladyşhanalarda ösdürilip ýetişdirilen önümleriň ep-esli bölegi daşary ýurtlara eksport edilýär.

TSTB-niň oba hojalyk bölüminiň maglumatyna görä, diňe ýaz möwsüminde ýyladyşhana hojalyklarynyň eýeleri pomidoryň dürli görnüşleriniň 50 müň tonna golaýyny daşary ýurtlara eksport etdiler, bu bolsa tutuş 2020-nji ýylyň netijesinden hem köpdür.

Şu ýylyň martynda Türkmenistanda bir wagtyň özünde TSTB-niň agzalaryna degişli bolan alty sany ýokary tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan ýyladyşhana açylyp ulanylmaga berildi. Olaryň umumy meýdany 35 gektara barabar bolup, ýylda 8 müň 750 tonna gök önümleri öndürmäge niýetlenendir.

2022