Braziliýadaky sowuk howa sebäpli dünýäde kofeniň bahalary ýokarlanýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Braziliýadaky sowuk howa sebäpli dünýäde kofeniň bahalary ýokarlanýar
Geçen hepde güýçli sowuk howa Braziliýanyň esasy kofe ösdürip ýetişdirýän sebitlerindäki ekin meýdanlarynyň köp bölegine zeper ýetirdi. (Surat: "Reuters")

Dünýäniň iň uly kofe öndürijisi bolan Braziliýada adaty bolmadyk sowuk howanyň ekinlere zeper ýetirmegi sebäpli dünýäde kofeniň bahasy ýokarlandy. Arabika kofesiniň bahasy geçen hepde takmynan 20% ýokarlanyp, duşenbe güni ýene-de 10% galdy we ýedi ýylyň içinde iň ýokary derejesine ýetdi.

ICE biržasynda arabika kofesiniň şertnamalarynyň bahalary duşenbe güni birden ýokarlandy we sentýabr aýy üçin şertnamalarynyň bir funtunyň (450 gram) bahasy 2,15 ABŞ dollaryna (bir kilogramy takmynan 4,7 ABŞ dollaryna) barabar bolup, bu 2014-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri iň ýokary görkezijidir. Bu barada “Reuters” agentligi habar berýär.

Geçen hepde güýçli sowuk howa Braziliýanyň esasy kofe ösdürip ýetişdirýän sebitlerindäki ekin meýdanlarynyň köp bölegine zeper ýetirdi. Şeýle howanyň şu hepdäniň ahyrynda şol sebitlere täzeden aralaşmagyna garaşylýar. Şeýle sowuk howa şu ýylyň dowamynda ekinlere zeper ýetirjek üçünji ýagdaý bolar.

Habarda bellenilişi ýaly, kofe agaçlary temperaturanyň aşaklanmagyna aşa duýgurdyr. Sowuk howa agaçlara agyr zeper ýetirip, hatda olary guradyp biler. Eger-de fermalar kofe agaçlaryny täzeden ösdürip ýetişdirjek bolsa, olardan miwe almak üçin üç ýyl töweregi wagt gerekdir.

Braziliýa hökümetiniň “Conab” azyk üpjünçiligi gullugynyň çaklamalaryna görä, geçen hepdedäki sowuk howa 150 müňden 200 müň gektar meýdana täsir edipdir. Bu bolsa ýurduň umumy arabika kofe ekin meýdanynyň takmynan 11%-ine deňdir.

“Agence France-Presse” (AFP) agentliginiň maglumatlaryna görä, arabika kofesini[ bahasy ýanwar aýyndan bäri 60% ýokarlandy.

Esasan hem Aziýada ösdürilip ýetişdirilýän pesräk hilli robasta kofesiniň bir tonnasynyň bahasy ýylyň başyndan bäri 40% töweregi ýokarlanyp, 1 müň 993 ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu baha 2017-nji ýylyň oktýabryndan bäri iň ýokary derejedir.

Häzirki wagtdaky kofeniň gymmatlamagy umumy çig mal bahalarynda emele gelen artyşyň bir bölegidir. Soňky hepdelerde misiň we galaýynyň bahalary hem rekord derejede ýokarlandy.