“Türkmen-Galkan” alty aýda 19 million manatlykdan gowrak önüm öndürdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmen-Galkan” alty aýda 19 million manatlykdan gowrak önüm öndürdi
“Türkmen-Galkan” kompaniýasy 2020-nji ýylda aýakgaplaryň birnäçesiniň önümçiligini ýola goýdy.

Ahal welaýatynyň Änew şäherinde ýerleşýän “Türkmen-Galkan” aýakgap kärhanasy 2021-nji ýylyň ýanwar – iýun aýlarynda 19 million 37 müň 460 manatlyk önüm öndürdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, kärhananyň önümçilik bölümlerinde ornaşdyrylan döwrebap tehnologiýaly enjamlar we önümçilik işinde ulanylýan ekologiýa taýdan arassa çig mal, önümleriň hiliniň ýokary bolmagyna şert döredýär.

1997-nji ýylda işine başlan “Türkmen-Galkan” kompaniýasy 2020-nji ýylda aýakgaplaryň birnäçesiniň önümçiligini ýola goýdy. Olaryň arasynda çaga aýakgaplary, mokasinalar we ädikler bardyr.

Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, pudagyň kärhanalaryndaky önümçilik-tehniki binýadyny täzelemek we içerki tebigy çeşmeleriň esasynda innowasion önümçilikleri döretmek boýunça toplumlaýyn maksatnama işlenilip taýýarlandy. 2025-nji ýyla çenli dokma senagaty pudagynda taslamalaryň 30-syny durmuşa geçirmek üçin 300 million ABŞ dollaryndan gowrak maýa goýumyny gönükdirmek meýilleşdirilýär.

2022