Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň “Dostluk” ýatagy boýunça ýygnagy geçirildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň “Dostluk” ýatagy boýunça ýygnagy geçirildi
Häzirki wagtda “Dostluk” ýatagy boýunça türkmen-azerbaýjan hökümetara ylalaşygy taýýarlanylýar.

Aşgabatda çarşenbe güni Hazar deňziniň “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň hökümetleriniň arasynda özara düşünşmek hakynda Ähtnamany durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly türkmen-azerbaýjan bilelikdäki iş toparynyň nobatdaky ýygnagy geçirildi. Bu barada türkmen döwlet telewideniýesi habar berýär.

Şu ýylyň 21-nji ýanwarynda Aşgabatda iki ýurduň Daşary işler ministrleri tarapyndan Hazar deňzindäki “Dostluk” uglewodorod ýatagy boýunça Ähtnama gol çekildi. Häzirki wagtda “Dostluk” ýatagyny bilelikde özleşdirmek hakynda türkmen-azerbaýjan hökümetara ylalaşygy taýýarlanylýar.

Habara görä, bu resminamanyň esasy maksady “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde ulanmakdan ybaratdyr.

Bu toparyň ozalky maslahatynda “Dostluk” ýatagyny bilelikde özleşdirmek boýunça taslamany durmuşa geçirmek işinde Russiýanyň “Lukoil” kompaniýasyny potratçy we maýa goýujy hökmünde çekmek barada ylalaşyk gazanylypdy diýlip, habarda bellenilýär.

“Dostluk” uglewodorod ýatagynyň serişdeleriniň 30%-niň Azerbaýjanyň we 70%-niň Türkmenistanyň paýyna düşmegine garaşylýar.

2022