Merkezi Aziýa döwletleriniň ýolbaşçylarynyň sammitine taýýarlyklar maslahatlaşyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Merkezi Aziýa döwletleriniň ýolbaşçylarynyň sammitine taýýarlyklar maslahatlaşyldy
Gyrgyzystanyň Daşary işler ministri Ruslan Kazakbaýew (Surat: Gyrgyzystanyň DIM-i)

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Gyrgyzystanyň Daşary işler ministri Ruslan Kazakbaýew penşenbe güni geçirilen telefon arkaly söhbetdeşliginde 2021-nji ýylyň 5-6-njy awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň guramaçylyk işlerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrliginiň (DIM) habaryna görä, ministrler duşuşygyň dowamynda kabul edilmegi meýilleşdirilýän köptaraplaýyn resminamalaryň taslamasyna aýratyn üns berdiler we ýetip gelýän çäräniň meýilnamasyny maslahatlaşdylar.

Taraplar bu konsultatiw duşuşygyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçiriljekdigine we sebit hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmaga, giňeltmäge itergi berjekdigine ynam bildirdiler diýip, Gyrgyzystanyň DIM-i habar berdi.

Şeýle hem, ýokary derejeli diplomatlaryň arasynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäginde geçirilmegi meýilleşdirilýän birnäçe möhüm çäreleri guramak boýunça işjeň pikirler alşyldy.

Şu ýylyň 6-njy awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda jemi 6 sany möhüm halkara çäreleri geçiriler. Olar Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyndan, sebitiň ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyndan, Merkezi Aziýa döwletleriniň halkara sergisinden, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumyndan, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň milli tagamlarynyň sergisinden, sebitiň ýurtlarynyň sungat ussatlarynyň dabaraly baýramçylyk konsertinden ybaratdyr.