Türkmenistanda öndürilýän önümleriň möçberi ýokarlanýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda öndürilýän önümleriň möçberi ýokarlanýar
Şu ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda döwlet býujetiniň girdeji böleginiň 113,9% ýerine ýetirilmegine garaşylýar.

Şu ýylyň ýanwar – iýul aýlarynyň netijeleri boýunça, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, Türkmenistanda öndürilen önümleriň umumy möçberiniň 5,2% ýokary bolmagyna garaşylýar. 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek haryt dolanyşygynyň möçberi 17,5% artar. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa anna güni Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisiniň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow hasabat berdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, wise-premýeriň hasabatynda şu ýylyň ýanwar – iýul aýlarynda ykdysadyýetiň pudaklarynda ýerine ýetirilen işleriň garaşylýan netijeleri bellenildi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, bu döwürde döwlet býujetiniň girdeji böleginiň 113,9%, çykdajy böleginiň 97,4% ýerine ýetirilmegine garaşylýar. 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ortaça zähmet haky 10,5% ýokary bolar diýip, wise-premýer aýtdy.

Deslapky maglumatlara görä, hasabat döwründe maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlarynyň möçberiniň ýyllyk meýilnamasynyň 36,2% ýerine ýetirilmegine garaşylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, 2022-nji ýylyň Döwlet býujeti boýunça teklipleri taýýarlamagy we  Ministrler Kabinetine hödürlemegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz dünýä ykdysadyýetinde bolup geçýän ýaramaz ýagdaýlaryň ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýetirýän täsirini gysga we orta möhletde azaltmaga mümkinçilik berjek çäreleri amala aşyrmak boýunça işleri dowam etmek barada degişli görkezmeler berdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022