Şu ýylyň 12-nji awgustynda Hazar deňziniň güni mynasybetli “Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramak boýunça hyzmatdaşlyk” atly ylmy-amaly maslahat geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa anna güni Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisiniň dowamynda wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýew hasabat berdi.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, döwlet Baştutanymyz Hazar deňziniň ekologiýa taýdan abadançylygyny saklamagyň Türkmenistanyň ekologiýa syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz wise-premýere Hazar deňziniň gününe bagyşlanan ylmy-amaly maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Şu ýylyň iýul aýynyň başynda Sankt-Peterburgda, rus tarapynyň başlangyjy bilen, Hazarýaka döwletleriniň – Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Russiýanyň Baş prokurorlarynyň duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň netijesinde Hazarýaka döwletleriniň Baş prokurorlarynyň daşky gurşawy goramak we Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryndan peýdalanmak babatynda hyzmatdaşlygy baradaky Jarnamasyna gol çekildi.