Daşary ýurtly işewürler türkmen uçar kerosinini satyn aldylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Daşary ýurtly işewürler türkmen uçar kerosinini satyn aldylar
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda satyn alynýan uçar kerosini Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýär.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 3 million 123 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty ýekşenbe güni habar berdi.

Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gonkongyň, we Kipriň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini satyn aldylar.

Bulardan başga-da, Gyrgyzystanyň we Türkiýäniň işewürler toparlarynyň wekillerine daşary ýurt puluna tekiz boýalan we tüýjümek žakkard önümleri ýerlenildi. Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri float aýnasyny satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin pagta süýümini satyn aldylar. Geleşigiň umumy bahasy 4 million 635 müň manatlykdan gowrak boldy.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 9-sy hasaba alyndy.

2022