Bütindünýä bankynyň Täjigistan we Türkmenistan boýunça täze dolandyryjysy bellendi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Bütindünýä bankynyň Täjigistan we Türkmenistan boýunça täze dolandyryjysy bellendi
Dünýä bankynyň merkezi edarasy, Waşington şäheri

Ozan Sewimli Bütindünýä bankynyň Täjigistan we Türkmenistan boýunça täze dolandyryjysy wezipesine bellendi. Bu barada Bütindünýä bankynyň duşenbe güni ýaýradan metbugat beýanatynda aýdyldy.

Bütindünýä bankynyň Täjigistan we Türkmenistan boýunça dolandyryjysy wezipesini 2017-nji ýylyň aprel aýyndan bäri ýerine ýetirýän Jan-Peter Olteriň wezipe borçlary Ozan Sewimlä ynanyldy. Ol öz wezipesine duşenbe güni girişdi.

Ozan Sewimli metbugat beýanatynda Täjigistan we Türkmenistan boýunça dolandyryjysy wezipesine girişendigine şatdygyny aýtdy. Şeýle hem ol ýurtlaryň wekilleri, hyzmatdaşlar, raýat jemgyýetleriň wekilleri we Täjigistanyň we Türkmenistanyň raýatlary bilen berk hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny aýtdy.

Bütindünýä bankynyň metbugat beýanatynda bellenilişi ýaly, 2020-nji ýylyň başynda pandemiýanyň başlan döwründen bäri, Bütindünýä bankynyň COVID-19 pandemiýasyna garşy göreşmek we gurpsyz maşgalalary goramak maksady bilen Täjigistana berýän goldawy 32 million 500 müň ABŞ dollaryna deň boldy. Türkmenistanda saglyk ulgamyny berkitmek we pandemiýanyň täsirini azaltmak ugrundaky tagallalaryna goldaw bermek üçin Bütindünýä banky ýakynda 20 million ABŞ dollary möçberinde karz serişdelerini gönükdirmegi tassyklapdy.

Ozan Sewimli Bütindünýä bankynda 2005-nji ýyldan bäri Ýewropada, Merkezi Aziýada, Afrikada, Latyn Amerikada we Karib sebitlerinde birnäçe wezipelerde işledi. Sewimli täze wezipä bellenilmezinden öň Latyn Amerikada we Karib sebitinde Ýamaýka we Gaýana boýunça Bütindünýä bankynyň hemişelik wekili bolup işleýärdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022