Täjigistanyň Prezidenti Türkmenistana döwlet sapary bilen geldi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Täjigistanyň Prezidenti Türkmenistana döwlet sapary bilen geldi
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon sişenbe güni agşam Türkmenistana döwlet sapary bilen geldi. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Täjigistanyň döwlet Baştutanyny Türkmenistanyň resmi wekilleri garşyladylar. Bu barada Türkmenistanyňň resmi metbugaty habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň 3-nji konsultatiw duşuşygynyň öňüsyrasynda, çarşenbe güni Täjigistanyň Prezidenti bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda duşuşyk geçiriler.

Garaşylyşy ýaly, Aşgabatda ýokary derejede geçiriljek gepleşikleriň çäklerinde özara gyzyklanma bildirilýän meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşylar hem-de köpugurly gatnaşyklaryň işjeň ösdürilmegine, iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna gönükdirilen birnäçe wajyp, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekiler.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde duşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türkmenistana resmi iş sapary bilen gelen Täjigistanyň Senagat we täze tehnologiýalar ministri Şerali Kabir bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar giň gerimli türkmen-täjik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça iki döwletiň gyzyklanmalaryny tassykladylar.