Daşoguz welaýatynda çagalar üçin täze döwrebap dynç alyş seýilgähi gurlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Daşoguz welaýatynda çagalar üçin täze döwrebap dynç alyş seýilgähi gurlar
Kompaniýa gurluşyk işlerine 2021-nji ýylyň awgustynda başlar we seýilgähi 2022-nji ýylyň iýunynda ulanmaga berer.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguz welaýatynda çagalar üçin döwrebap dynç alyş seýilgähini gurmak boýunça Karara gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.

Resminama laýyklykda, Daşoguz welaýatynyň häkimligine S.A.Nyýazow adyndaky etrapda çagalar üçin döwrebap dynç alyş seýilgähiniň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada “Ajaýyp gurluşyk” hususy kärhanasy bilen şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi.

Kompaniýa gurluşyk işlerine 2021-nji ýylyň awgust aýynda başlar we seýilgähi 2022-nji ýylyň iýun aýynda ulanmaga berer.

Häzirki wagtda “Ajaýyp gurluşyk” hususy kärhanasynyň gurluşykçylary Daşoguz welaýatynyň dolandyryş merkezinde 450 orunlyk täze köpugurly hassahananyň we 150 orunlyk onkologiýa hassahanasynyň gurluşygyny alyp barýarlar.