Türkmenistan we Özbegistan howa gatnawlaryny täzeden dikeltmekçi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we Özbegistan howa gatnawlaryny täzeden dikeltmekçi
Duşuşykda taraplar ulag we logistika ulgamlarynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň geljegini maslahatlaşdylar. (Surat: Özbegistanyň Maýa goýumlar we daşary söwda ministrligini)

Aşgabatda Söwda-ykdysady, ylmy tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-özbek hökümetara toparynyň türkmen tarapynyň başlygy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Esenmyrat Orazgeldýewiň we bu toparyň özbek tarapynyň başlygy Özbegistanyň Maýa goýumlar we daşary söwda ministri Sardor Umarzakowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda howa we halkara awtoulag gatnawlaryny täzeden dikeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Özbegistanyň Maýa goýumlar we daşary söwda ministrliginiň metbugat gullugynyň çarşenbe güni habar berşi ýaly, ýygnakda taraplar ulag we logistika ulgamlarynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň geljegini maslahatlaşdylar.

Şeýlelikde, iki ýurduň transport ministrlikleriniň sanitariýa we epidemiologiki talaplaryna laýyklykda göni howa we halkara awtoulag gatnawlaryny täzeden ýola goýmak meseleleriniň üstünde işlemeklik ylalaşyldy.

Mundan başga-da, serhet nokatlarynyň işini ýokarlandyrmak, özara söwdanyň ösmegi üçin nyrh taýdan we nyrh däl päsgelçilikleri aradan aýyrmak hem-de iki ýurduň transport kuwwatyny we üstaşyr mümkinçiliklerini ulanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça bilelikdäki çäreleri işläp düzmek işleri alnyp barlar.

Habarda bellenilişi ýaly, işlenilip düzülen çäreler we teklipler Özbegistan bilen Türkmenistany birleşdirýän ulag koridorlaryny mundan beýläk-de ösdürmek üçin degişli “Ýol kartasynda” beýan ediler.

Şeýle hem, taraplar türkmen-özbek Işewürlik geňeşiniň ikinji mejlisiniň çäginde ýakyn wagtda Özbegistanda hökümetara toparynyň indiki ýygnagyny geçirmek barada ylalaşdylar.

Gepleşikleriň netijesinde taraplar gazanylan şertnamalary iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin ileri tutulýan ädimleri kesgitlediler.