Gyrgyz Prezidenti sebitleýin sammite gatnaşmak üçin Türkmenistana ugrady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gyrgyz Prezidenti sebitleýin sammite gatnaşmak üçin Türkmenistana ugrady
Prezident Sadyr Žaparow saparynyň dowamynda sebitiň ýurtlarynyň ýolbaşçylary bilen birnäçe ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirer.

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow penşenbe güni Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň 3-nji konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin iki günlük iş sapary bilen Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherine uçdy. Bu barada Gyrgyzystanyň Prezidentiniň resmi saýtynda habar berilýär.

Duşuşykda sebitdäki söwda-ykdysady, energetika, ulag-aragatnaşyk pudaklaryndaky hyzmatdaşlyk, şeýle hem bilelikdäki koronawirus pandemiýasyna garşy göreş çäreler ara alnyp maslahatlaşylar.

Habarda bellenilişi ýaly, Prezident Sadyr Žaparow saparynyň dowamynda sebitiň ýurtlarynyň ýolbaşçylary bilen birnäçe ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirer.

Gyrgyzystanyň Prezidenti ýurduň ýokary derejeli hökümet resmilerinden ybarat bolan wekiliýete ýolbaşçylyk eder.

Şu ýylyň 6-njy awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda jemi 6 sany möhüm halkara çäreleri geçiriler. Olar Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyndan, sebitiň ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyndan, Merkezi Aziýa döwletleriniň halkara sergisinden, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumyndan, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň milli tagamlarynyň sergisinden, sebitiň ýurtlarynyň sungat ussatlarynyň dabaraly baýramçylyk konsertinden ybaratdyr.

2022