Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew (Surat: Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy)

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew anna güni “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiren duşuşygynda ulag-logistika infrastrukturasynyň ösdürilmegi meselesine seretdiler. Duşuşyk Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň 3-nji konsultatiw duşuşygynyň çäginde geçirildi.

Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugynyň habaryna görä, duşuşykda Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri ikitaraplaýyn meýilnamanyň möhüm meselelerini, sebitleýin we halkara meýdançalarda özara gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine seretdiler. Hyzmatdaşlygyň ösüş depginini dowam etdirmek üçin täze taslamalary öňe sürmegiň, goňşy sebitler bilen iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň ähmiýeti nygtaldy.

Şeýle hem, ulag-logistika infrastrukturasyny ösdürmegiň, Günorta Aziýanyň we Günorta Kawkazyň geçelgeleri arkaly täze bazarlara girmek, Aşgabat Ylalaşygy boýunça halkara ulag we üstaşyr geçelgelerini döretmek ýaly mümkinçilikleri maslahatlaşdylar.

Mundan başga-da, iki ýurduň Baştutanlary geçiriljek ýokary derejeli ýygnaklara taýýarlyk görmek meselelerine garadylar we ýakyn wagtda täze “ösüş nokatlaryny” kesgitlemek, geljegi uly taslamalary we şertnamalary taýýarlamak üçin hökümetara toparynyň we iş geňeşiniň yzygiderli ýygnaklaryny geçirmek boýunça ylalaşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda Özbegistanyň we Türkmenistanyň Baştutanlary özara ynam we iki ýurduň halklarynyň bähbidine hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan strategiki hyzmatdaşlygy yzygiderli çuňlaşdyrmak isleýändiklerini tassykladylar.