Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň Türkmenistana ýakynda amala aşyrjak resmi iş saparynda gol çekiljek köp sanly resminamalaryň esasy bölegi taýýar. Bu resminamalaryň ýurtlaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň has hem ilerlemegine itergi bermegine garaşylýar. Bu barada Gazagystanyň Baştutany anna güni Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşygynyň dowamynda belledi.
Duşuşyk Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň 3-nji konsultatiw duşuşygynyň çäginde geçirildi.
Gazagystanyň Prezidentiniň metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, iki döwletiň Baştutanlary ikitaraplaýyn gün tertibindäki meselelere seredip, Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler.
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar söwda we ykdysady hyzmatdaşlyga oňyn itergi bermek, üpjün edilýän harytlaryň görnüşini artdyrmak, üstaşyr we transport mümkinçiliklerinden has giňişleýin peýdalanmak, şeýle hem medeni we ynsanperwerlik gatnaşyklaryny berkitmek isleýändiklerini mälim etdiler.
Şol günüň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistandan we Gyrgyzystandan gelen kärdeşleri bilen hem duşuşdy.